Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2024: Türkmenistanyň JIÖ-niň möçberi $68,7 milliarddan geçdi - metbugat


Bezeg suraty
Bezeg suraty

2024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) möçberi 68,7 milliard ABŞ dollaryndan geçip, 6,3% ösüş görkezdi diýip, “Biznes Türkmenistan” “nCa” neşirine salgylanyp habar berýär.

“nCa” neşiri bu habary Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň Awazada geçirilýän maýa goýum forumynda aýdan sözlerine salgylanyp çap edipdir.

Türkmen ministri ýurtda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sanly ulgamyň, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we aýlawly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen innowasion-senagat ykdysadyýet modeliniň durmuşa geçirilýändigini aýdypdyr.

Onuň tassyklamagyna görä, 2024-nji ýylda jemi maýa goýumlaryň möçberi 12,1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, onuň 1,4 milliard dollaryny daşary ýurt maýa goýumlary düzüpdir.

Şeýle-de, ol esasy ähmiýetiň nebitgaz, nebitgazhimiýa, energetika we gurluşyk pudaklaryna berilýändigini, ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň 19,8 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny aýdypdyr.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlary barada göni sorag berip, anyk düşündirişleri alyp bilmeýär.

Ýurt garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýan hökümet ýurtdaky agyr işsizligi, barha çuňlaşýandygy aýdylýan ykdysady çökgünligi, soňy görünmeýän zähmet migrasiýasyny resmi taýdan boýun almaýar.

XS
SM
MD
LG