Rus goşuny Zaporižiýa zarba urup, üç adamy öldürdi

Arhiw suraty

Rus goşunlary 22-nji sentýabra geçilýän gije Ukraina 141 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi, olaryň 132-si urlup gaçyryldy diýip, Ukrainanyň howa güýçleri habar berdi.

Zaporižia sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Iwan Fedorowyň sözlerine görä, rus goşunlary Zaporižiýa giň gerimli zarba urdy, hüjüm 40 minuda golaý dowam etdi. Kosmos etrabyna edilen hüjümde awtoulag duralgasyna, Naberežnaýa awtoulag ýoluna, söwda merkezleriniň we möhüm infrastrukturasynyň golaýyna, Şewçenko etrabyndaky ýaşaýyş jaýlaryna hüjüm edildi.

Bu hüjümde üç adam ölüp, iki adam ýaralandy.

"Nyşana alnan desgalaryň hiç biri harby infrastruktura bilen baglanyşykly däldi. Bu asuda şähere we onuň ýaşaýjylaryna garşy gönükdirilen terrorçylykly hereket" diýip, ol ýazdy.

Sumy şäherinde bir kompaniýanyň garawuly pilotsyz uçar hüjüminden ýaralandy diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Grigorow aýtdy.