WP: Tramp Taýwana berilmeli $400 millionlyk harby kömek bukjasyny saklady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Hytaýyň başlygy Si Szinpin. Arhiw suraty

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, söwda ylalaşygy we Hytaýyň başlygy Si Szinpin bilen bolmagy mümkin sammit barada edilýän tagallalar sebäpli, Taýwan üçin 400 million dollarlyk harby kömek bukjasyny tassyklamakdan ýüz öwürdi. "Waşington Post" bu habary öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Neşiriň söhbetdeşleriniň aýtmaklaryna görä, ABŞ-nyň hökümeti bu kömek bukjasyna ok-därileri we pilotsyz uçarlary goşupdyr.

Ak tamyň wekili Taýwana berilmeli harby kömek barada entek gutarnykly kararyň kabul edilmändigini aýtdy.

Gizlin resminama salgylanyp, neşiriň mart aýynda ýazmagyna görä, Pentagonyň başlygy Pit Hegset Hytaýy departmanetiň ünsi gönükdirmeli ýeke-täk howp-hatary, Hytaýyň Taýwana çozmagyny bolsa ýeke-täk esasy ssenariýa diýip hasaplaýar.