Yrak Eýranyň üstünden aljak türkmen gazy üçin ABŞ rugsadyny alyp bilmedi

Bezeg suraty

Yragyň goňşy Eýranyň üsti bilen iberiljek türkmen gazy bilen dowamly elektrik ýetmezçiligini azaltmak synanyşygy ABŞ-nyň basyşy sebäpli başa barmady diýip, “Roýters” 19-njy sentýabrda habar berdi.

Iki ýurduň arasynda ýerleşýän Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Yraga geljek gaz baradaky teklip ilkinji gezek 2023-nji ýylda orta atyldy. Göz öňünde tutulan çalyşmak şertnamasyna laýyklykda, Eýran türkmen gazyny alyp, soň Yragy gaz bilen üpjün etmelidi. Emma bu ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalaryny bozmak töwekgelçiligini döredýärdi we Waşingtonyň tassyklamagyny talap edýärdi diýip, habarda bellenýär.

Bu tassyklama hiç haçan gelmedi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Tährana garşy "aňrybaş derejedäki basyş" kampaniýasy astynda, bu tassyknamanyň bolmak ähtimallygy iki esse azaldy.

"Roýters" habar gullugy Yragyň dört resmisi bilen gürleşendigini, Bagdadyň Eýranyň üsti bilen takmynan 5 milliard kub metr (bkm) türkmen gazyny import etmek üçin Waşingtonyň razylygyny almak boýunça birnäçe aýlap eden tagallasyny görkezýän ýedi resminamany gözden geçirendigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistan Yraga günde 20 million kubmetr gaz iberer

Emma, birnäçe aýlap dowam eden tagalla garamazdan, Tährana ýadro meýilnamalary sebäpli edilýän basyşyň güýçlenmeginiň arasynda, ABŞ-nyň garşylyklary türkmen gazyny almak baradaky arzuwlary puja çykardy.

"Türkmen ylalaşygy bilen bagly işleri dowam etmek Yrak banklaryna we maliýe guramalaryna garşy sanksiýa girizilmek töwekgelliklerini döredip biler we, şu sebäpden häzirlikçe bu ylalaşyk togtadyldy" diýip, Yragyň premýer-ministriniň elektrik işleri boýunça geňeşçisi Adel Karim "Roýters" habar gullugyna aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Gazna departamenti maglumat bermekden saklandy, ýöne bu meseleden habarly ABŞ çeşmesi Yrak bilen bu ýurduň energiýa zerurlyklary boýunça işleýändigine garamazdan, Tramp administrasiýasynyň Eýrana peýdaly boljak çäreleri tassyklamajakdygyny aýtdy diýip, “Roýters” ýazýar.

Şeýle-de, neşir Eýranyň nebit ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat, düşündiriş haýyşlaryna jogap bermändigini belleýär.

Degişli maglumat Türkmen gazynyň söwdasy 'gyzyşýar'

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.